Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji maýda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň çäklerinde köpugurly türkmen-britan dialogynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz we Beýik Britaniýanyň doly ygtyýarly wekili umumy bähbitlere, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýa birnäçe ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek esasynda yzygiderli pugtalandyrylýar, syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.<o:p></o:p>

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini özgertmek, senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy nazara alyp, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, britan kompaniýalarynyň gazanan üstünliklerini türkmen bazarynda ornaşdyrmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Energetika, maliýe, bank hyzmatlary, ätiýaçlandyryş we “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Mundan başga-da, oba hojalygynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyldy.<o:p></o:p>

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol gün Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.<o:p></o:p>

Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus syýasy dialogynyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi. Parlament ugry boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geňeşmeler geçirilýär. Türkmenistan bilen Russiýa ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bitarap daşary syýasatyny we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.<o:p></o:p>

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Nebitgaz pudagynda, şeýle hem awtoulag senagaty, gämigurluşyk, awiasiýa ulagy, gazhimiýa we beýleki ulgamlarda oňyn netijeler gazanyldy. Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny gurşap alýan şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Şunda ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigi we onuň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Muňa Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen ýola goýlan netijeli özara gatnaşyklary mysal getirmek bolar.<o:p></o:p>

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin däp bolan dostlukly döwletara dialogyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.<o:p></o:p>