
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span style="color: #0d0d0d; font-family: 'Times New Roman', serif; font-size: 16pt;">Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Gaýyp Begliýewe degişli bolan hususy önümçilik kärhanasy ýokary öndürijilikli döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, dürli miwelerden we ir-iýmişlerden kak önümleri taýýarlanylýar. Tejribeli telekeçä degişli kärhana Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşip, ol ýerde işine ezber işçihünärmenleriň ençemesi işleýärler.</span></p>
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span lang="EN-US" style="font-size: 16.0pt; font-family: 'Times New Roman',serif; color: #0d0d0d; mso-themecolor: text1; mso-themetint: 242; mso-ansi-language: EN-US; mso-fareast-language: TK;">Şoňa görä-de, bu ýerde erik, alma, gawun kaklaryny taýýarlamak işleri guramaçylykly ýagdaýda we öndürijilikli alnyp barylýar. Her möwsümde alnan kaklar taýýar önüm görnüşinde gaplara gaplanylýar. Esasy bellemeli zat bolsa, kaklaryň çig mal çeşmesi bolan dürli görnüşli miweleriň ýerli telekeçilerden şertnama esasynda satyn alynýandygydyr. Türkmen topragynda ýetişen miweler ekologiýa taýdan arassalygy, tebigylygy, aýratyn tagamlylygy bilen tapawutlanýarlar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ugradylýan “Ýedi ýyldyz” haryt nyşanly miwe kaklary geçginliligi bilen ünsi çekmegi başarýarlar.<o:p></o:p></span></p>