
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span style="color: #0d0d0d; font-family: 'Times New Roman', serif; font-size: 16pt;">Ýurdumyzyň hususy ulgamynyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşindäki orny barha pugtalanýar. Türkmen telekeçileri importyň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda çygly süpürgiçleriň ençeme görnüşlerini öndürýän “Umytly nesil” hojalyk jemgyýeti hem döwrebap önümçilik kärhanalarynyň hatarynda tanalýar. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär.</span></p>
<p class="MsoNormal" style="mso-margin-top-alt: auto; mso-margin-bottom-alt: auto; text-align: justify; line-height: normal;"><span lang="EN-US" style="font-size: 16.0pt; font-family: 'Times New Roman',serif; color: #0d0d0d; mso-themecolor: text1; mso-themetint: 242; mso-style-textfill-fill-color: #0D0D0D; mso-style-textfill-fill-themecolor: text1; mso-style-textfill-fill-alpha: 100.0%; mso-style-textfill-fill-colortransforms: 'lumm=95000 lumo=5000'; mso-ansi-language: EN-US; mso-fareast-language: TK;">Häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kärhanada “Umman”, “Selin”, “Kent”, “Freshmaker”, “Atlas” haryt nyşanlary bilen öndürilýän çygly süpürgiçler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Kärhanada dünýäniň iň kämil, döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy işleri talabalaýyk guramaga şert döredýär. Bu ýerde ýumşak, galyň, gigiýeniki-arassalaýjy çygly süpürgiçleriň 120 we 72 sanysy uly gaplara, 15 sanysy kiçi gaplara gaplanylýar.<o:p></o:p></span></p>