Düzüminde 60-a golaý işçi-bagbany bolan “Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hojalyk jemgyýetine döwlet tarapyndan bölünip berlen 200 gektar ýer böleginde dürli görnüşli miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerdäki miweli baglaryň hasyl berijiligi ýokary bolan ýarym karlik görnüşindäki baglar bolup, olar nahallary daşary döwletlerden ýörite getirildi.

Bu miweli baglar biziň toprak-howa şertlerimizde ösmäge, miwe bermäge ukyply bolup, olara işçi-bagbanlar milli daýhançylyk hemde döwrebap ýörelgelere laýyklykda ideg edýärler. Hususan-da, bu miweli baglaryň damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly suwarylmagy oňyn netije gazanmaga, bol hem-de bitginli hasyl almaga ýardam edýär. <o:p></o:p>

200 gektar ýeriň 100 gektaryny ülje baglary tutsa, alma baglary 25 gektar meýdana uzalyp gidýär. Şetdaly baglary ekilen ýerler 17,5 gektar bolsa, 35 gektar ýerde badam agajy ösüp otyr. Agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda idegi ýetirilýän bu baglar ýylyň-ýylyna oňat netije berýärler. Şoňa görä-de, alnan hasyl diňe bir içerki bazarlarda ýerlenilmek bilen birlikde, geçen ýyllarda şetdalynyň onlarça tonnasy goňşy döwletlere eksport edildi.<o:p></o:p>