“Mizemez gadam” hususy kärhanasy ençeme ýyldan bäri gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bilen meşgullanýar. Döredilenine otuz ýyla golaý wagt geçen kärhana Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýär. 2018-nji ýylda gidroizolýasiýa örtükleriniň önümçiligi hem ýola goýuldy. Bu gurluşyk serişdesi üçin gerekli çig mal bolan üwelen hek (kalsit) hem kärhananyň özünde öndürilýär.

Kärhanada bitumly emulsiýa 20 litrlik, kafel üçin ýelim 25 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. Häzirki wagtda kärhananyň işçi-hünärmenleri Lebap welaýatynyň çäginde, şeýle-de ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde gurluşyk işlerini alyp barýarlar. Önümçilik üçin gerek bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. Önümler daşary ýurtlara hem eksport edilýär. <o:p></o:p>

“Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň önümleri Özbegistan,Azerbaýjan, Türkiýe Respublikalaryna eksport edilýär. Golaýda Duşenbe şäherinde geçirilen Türkmen-täjik işewürlik maslahatyna, işewürler geňeşiniň birinji mejlisine hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolen “Mizemez gadam” hem işjeň gatnaşyp, işewürlik geleşiklerini baglaşdy. Işewürlik geleşiklerine görä, geljekde Täjigistana izogamyň müňlerçe inedördül metrini eksport etmek meýilleşdirilýär.<o:p></o:p>