Indi birnäçe ýyldan bäri telekeçi Maksat Ibragimow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän hind guşçulyk toplumynda hind towuklaryny idedýär. Umumy meýdany 23 gektara barabar bolan toplumda diňe bir etlik hind towuklary ýetişdirilmän, eýsem, onuň etinden “Maksada okgunly” haryt nyşany bilen dürli görnüşli önümler öndürilýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergä telekeçi täze önümi bilen geldi. Ol önüm hind towugynyň etinden taýýarlanylýan konserw gaplamasy bolup, häzirki wagtda 3 görnüşde öndürilýär. Hind towugynyň ak etli budundan, gyzyl etli döşünden hem-de bokurdagyndan taýýarlanýan süňkli gaplamalar öz suwuna bişirilýär. Bu önümler aýna gaplara gaplanyp, towlanýan gapaklar bilen berkidilendir.<o:p></o:p>

Telekeçi Maksat Ibragimow tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek önümçiligi ýola goýlan hind towugyndan taýýarlanan konserw gaplamalary şu günler sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Ýakyn geljekde bu ýerde hind towugynyň etinden edil ýeralma çipsileri ýaly çipsi önümleriniň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.<o:p></o:p>