Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gowşan ýük göteriji uçar ulgamyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda çykaran degişli kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň arasynda iki sany “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarlaryny satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda gelip gowşan ilkinji uçardyr. Ol Merkezi Aziýada ulanylýan şeýle görnüşli uçarlaryň ilkinjisidir.<o:p></o:p>

Şeýle uçarlaryň satyn alynmagy ýurdumyzyň howa gämileri ulgamynyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen birlikde, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara howa ýük gatnawlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmaga, howa ulagy arkaly ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmaga, dostlukly hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge hyzmat eder.<o:p></o:p>

Uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowraga barabar bolup, 60 tonna çenli ýük daşamaga niýetlenilen bu ýük göteriji täze howa gämisiniň satyn alynmagy yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolundaky nobatdaky ädimdir.<o:p></o:p>

Şunuň ýaly ýük göteriji döwrebap howa gämisiniň ikinjisi bolsa ýurdumyza ýakyn wagtda getiriler.<o:p></o:p>