“Sabyrly dostlar” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda dürli ölçegdäki gutulary we gaplary, gurluşyk işlerinde peýdalanylýan düşeme listlerini, yssa we sowuga çydamly bassyrma listlerini öndürmäge başlady. Önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig maly ulanylýar.

Bulardan başga-da, geçen ýylyň sentýabr aýynda kärhanada täze önümçilik ýola goýuldy. Täze önüm bolan mineral doldurgyçly polimerler (kompaund) granula görnüşinde bolup, polietilen torbalaryň, haltalaryň we plastik önümleriň önümçiliginde ulanylýar. Esasy çig mala goşundy bolup hyzmat edýän mineral doldurgyçly polimerler önümleriň berkligini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. <o:p></o:p>

Aýratyn hem ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja önümlerini, miweleri gaplamak üçin ulanylýan ýörite gutulara içerki bazarda isleg has-da uly. Bu gutularyň ulanmaga, gök-bakja önümlerini ýerleşdirmäge oňaýlylygy bellärliklidir. “Sabyrly dostlar” hususy kärhanasynyň önümleriniň eksporty Özbegistana, Türkiýä, Russiýa, Gyrgyzystana ýola goýuldy.<o:p></o:p>