Ahal welaýatynyň Gökdepe etrapynda ýerleşýän “Maksada okgunly” hususy kärhanasy ilkinji bolup hind towugynyň etinden gaplanan önümleri öndürmegi özleşdirdi.

Awtomatlaşdyrylan önümçilikde häzirki wagtda hind towugynyň etiniň üç görnüşi öndürilýär. Olar guş etiniň dürli böleklerinden – butlaryndan, döşlerinden, süňklerinden taýýarlanylýar we tagamy güýçlendirijisiz hem-de beýleki emeli goşundylarsyz önüm ýagdaýyna getirilýär.<o:p></o:p>

“Hususy kärhananyň ýolbaşçysy Maksat Ibragimow uzak wagtlap saklanmaga niýetlenen, ýokumly we berhizlileriň hem ulanyp biljek önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini giňeltmegi meýilleşdirýär” diýip, türkmen resmi metbugaty habar berýär.<o:p></o:p>

Täze zawodda çaga we gipoallergen iýmitleri hem-de hind towugynyň etinden gaplanan şöhlat we beýleki ýokumly önümleri öndürmek meýilleşdirilýär.<o:p></o:p>

“Maksada okgunly” ýurtda ilkinji bolup hind towugynyň ýumurtgasynyň importyny guran we häzirki wagtda hind towugyny ösdürip ýetişdirip, guş etini senagat taýdan gaýtadan işlemegi ýola goýan kärhanadyr.<o:p></o:p>

Öz wagtynda Maksat Ibragimow tarapyndan teklip edilen iş taslamasy kärhananyň gurluşygy we önümçiligi üçin ýeňillikli karzy peýdalanmakda uly geljegi bolan iş hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanawyna girdi.<o:p></o:p>

Döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli serişdeleriň hasabyna ussahanalar guruldy we Belgiýada öndürilen dört sany innowasion kärhana satyn alyndy, bu bolsa ýylda 730 müň hind towugyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, işewürler Germaniýada öndürilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 22 sany ýokary tehnologiýaly guş ketegini gurdular.<o:p></o:p>

Kärhananyň gassaphanasy Fransiýa, Belgiýa, Polşa we Italiýa döwletlerinde öndürilen enjamlar bilen üpjün edildi. Awstraliýadan gelen ýörite enjamlaryň kömegi bilen bu ýerde hindi towugynyň etini gaýtadan işlemek işleri amala aşyrylýar, bu bolsa önümleri sowadylan görnüşde 10-15 gün saklamaga mümkinçilik berýär. Hindi towuklary üçin ýörite iýmiti hem kärhananyň özi taýýarlaýar.<o:p></o:p>