Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Owadan gämi” hususy kärhanasyna döwlet tarapyndan bölünip berlen 5 gektar ýer böleginde limonyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hususy kärhana ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.

Häzirki wagtda bu ýerde limon baglarynyň 9 müňden gowragy bar. Ýokary hasyl berijilik ukyby bolan limonlara işçi-hünärmenler tarapyndan öz talaplaryna laýyk göwnejaý ideg edilýär. Hususan-da, degişli ýagtylyk, ýylylyk sazlanylyp, dökünler bilen yzygiderli iýmitlendirilýär. Şoňa görä-de, bu limonlardan indiki aýda – oktýabrda hasyl ýygnalyp başlanar.<o:p></o:p>

“Owadan gämi” hususy kärhanasyna gerekli limon agajynyň şitilleri hem indi öz ýyladyşhanasynda ýetişdirilmek bilen, olaryň sany yzygiderli artdyrylyp durulýar. Degişli hünärmenler bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar limon agajynyň 3 ýaşdan soň hasyl berip başlaýandygyna üns çekdiler. Şeýle hem her düýp 30-35 kilograma golaý hasyl, ýagny 300-500 aralygynda limon miwesini berýändigi bilen tapawutlanyp, üstümizdäki ýylda bu ýerdäki limonlardan 100 tonnadan gowrak hasyl almak göz öňünde tutulýar.<o:p></o:p>

Ýeri gelende belläp geçsek, hasyl döwri tä ýanwar aýyna çenli dowam edýär. Bu döwrüň esasy aýratynlygy miweleriň bişip, ýetişişine görä, tapgyrlaýyn esasda alnyp barylmagydyr. Esasan, üç tapgyrdan durýan ýygym döwründe ýetişen limonlar terligine,täzeligine içerki sarp edijilere ugradylýar.<o:p></o:p>