Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary ýerli gurluşyk harytlary bilen üpjün etmek wezipelerinden ugur alyp, netijeli işleýän kärhanalaryň arasynda “Kendir” hususy kärhanasy hem bar. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhana 2019-njy ýyldan bäri jaýyň üstki örtükleriniň (şifer) önümçiligini alyp barýar.

Türkiýäniň, Hytaýyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada önümçilik, esasan, buýurmalar esasynda alnyp barylýar. Çig mal hökmünde demir listler ulanylyp, ýörite enjamlarda olara görnüş berilýär. Mundan başga-da, bu kärhanada ternaw suw akarlary hem ýasalýar. <o:p></o:p>

Hususy kärhana demir beton gurluşlary (konstruksiýalary) üçin kebşirlenen gözenekleriň önümçiligini hem alyp barýar. Önümler gözenekleriniň ölçegi, olary düzýän simiň galyňlygy boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar. Kärhanada öndürilýän, jaýlaryň abatlygyny, gözelligini üpjün edýän gurluşyk serişdeleri tebigy şertlere, täsirlere durnuklylygy, berkligi bilen müşderileriň ünsüni özüne çekýär.<o:p></o:p>