"Berkarar" söwda-dynç alyş merkezi


Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň...

  • 10.01.2012
  • 25.12.2014

 Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda TSTB-niň agzalarynyň iri desgasy bolan "Berkarar" atly söwda-dynç alyş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi, onda adamlaryň wagtyny peýdaly we gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredilen. "Berkarar" söwda-dynç alyş merkeziniň tutýan umumy meýdany 17,5 gektara deňdir. Söwda nokatlary we iri dükanlar bilen bir hatarda bu ýerde attraksionly uly we kiçi oýun zolaklary, çagalar şäherçesi ýerleşýär, buzly meýdança, VIP-zalda 3D, 5D we 5D görkeziş formatly 3 kinozal hereket edýär, bouling, üçin jaýlar, restoranlar, kafelere göz öňünde tutylan. "Berkarar" söwda-dynç alyş merkeziniň ýanynda 1200 awtoulaga niýetlenen ýapyk awtoduralga bar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezi meşhur daşary ýurtly kompaniýalar tarapyndan bina edilen desgalardan hiç bir babatda yzda durmaýar we hatda olardan özüniň has ýokary hillidigi bilen tapawutlanýar".