Hususy telekeçiligiň üstünlikleri ýurdumyzyň baş şäheri mynasybetli geçirilen ýöriteleşdirilen gözden geçirişde teklip edildi.

24-25-nji maýda ýurdumyzyň paýtagtynda “Ak şäherim – Aşgabat” atly  XVII Halkara köpugurly sergi geçdi, bu sergi 80-den gowrak ýerli we daşary ýurt kompaniýalary, Türkmenistanyň ministirlikleriniň we pudak edaralaryň kärhanalaryny, şeýle hem Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Koreýadan, Gazagystandan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan gelen işewür toparlaryny jemledi.

Söwda–Senagat edarasynyň synlama meýdançasynda öz stendlerini Aşgabat şäherini dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwürmäge gönükdirilen toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek işine işjeň gatnaşýan hususy telekeçiligiň wekilleri ýaýbaňlaşdyrdylar.

Sergide TSTB-niň agzalary şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, häzirki zaman gurluşyk we bezeg  materiallaryny öndürmekde, azyk senagatynda ýeten sepgitlerini, ekologiýa meselelerini çözmekde, şeýle hem mazmunly sowgatlyk önümlerini öndürmekde gazanan üstünliklerini görkezdiler.

Ýurdumyzyň baş şäheri mynasybetli geçirilen sergi daşary ýurt tejribesi bilen,  şeýle hem Aşgabadyň senagat, medeniýet we ylym-bilim mümkinçilikleri, onuň ägirt durmuş-ykdysady serişdeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup durdy.