Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurnamagynda "Şähri-Yslam - Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy ” atly ylmy-tejribe maslahaty geçirildi.

   26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda “Şähri-Yslam - Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy” atly ylmy-tejribe maslahaty geçirildi.

  Orta asyryň gadymy şäher harabaçylygyny öwrenmäge bagyşlanan  gurultaý, Birleşme we senagatçylar we telekeçiler Partiýasy, Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň arheologiýa we etnografiýa Instituty tarapyndan bilelikde gurnaldy. Maslahata gatnaşmak üçin alyp baryjy taryhçy alymlar, Magtumguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, TSTB-niň we TSTP-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, žurnalistler çagydyrldy.

   Ýygnananlar Türkmenistanda medeni-taryhy mirasy dikeltmek we öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň ägir uly ähmiýetini belläp geçdiler. Bellenilişi ýaly, bu iş 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygarynda özüniň esasy maksadyny tapýar.   

   Orta asyryň Tak-Ýazyr obasy diýlip tanalýan we Bäherden şäherinden demirgazyga tarap 20 killometr uzaklykda, 100 ga meýdanda ýerleşen, Şähri-Yslam gadymy şäher harabaçylygynda alymlara gazuw-agtaryş işlerini geçirmäge ýardam edýän ýerli telekeçileriň arheologiýa gözleglerine işjeň girişendigi aýratyn belläp geçilmäge mynasypdyr. Ýygnananlara şäher-gala bagyşlanan kinofilm görkezildi.  

   Maslahatyň barşynda TYA arheologiýa we etnografiýa Institutyň işgärleri bu ýerde durmuşa geçirilýän taslamanyň prezentasiýasyny geçirdiler. Dekabrda nobatdaky meýdan möwsümi tamamlandy, bu möwsümde Institutyň  barlag ekspedisiýasy bu deňsiz-taýsyz taryhy-binagärçilik ýadygärliginde işleriň uly göwrümini geçirdi we köp sanly haýran galdyryjy açyşlary etdi. 

   TSTB ýolbaşçysy öz çykyşynda bu taryhy obýektiň diňe bir türkmenleriň şähergurluşygynyň we jaý salmak sungatynyň ýokary derejede ösendiginiň nusgasy hökmünde däl, eýsem Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ugurlarynyň ulgamyna girýän üstaşyr söwdanyň merkezi hökmünde uly ähmiýete eýedigini belläp geçdi. 

   Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan 2018-2021 ýyllar üçin Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini geçirmek boýunça maksatnamasyna laýyklykda, arheologiýa we etnografiýa Instituty Şähri-Yslamda barlag işlerini dowam etdirer. Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesi mundan beýläk hem bu wajyp işe goldaw bermekligi niýet edinýär.