Türkmenistanyň telekeçisi Elbrus dagyny tabyn etdi

«Türkmen logistika assosiasiýasy» kärhananyň ýolbaşçysy Mele Bekmuradow Elbrus gerşiň 5642 metr beýiklikdäki belentlikleriniň birine çykdy. Türkmen telekeçisi bilen bilelikde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we onuň ýolbaşçylyk edýän Assosiasiýasynyň logotiplary Ýewropanyň we Russiýanyň ýokary depesinde bolupdylar.

11-nji aprelde Russiýanyň hünärmen alpenistlaryň topar düzüminde Mele Bekmuradow ilkinji gezek dag beletliklerine galdy, ýol 15 sagat wagt aldy, emma, esasan akklimatizasiýa üçin, dagyň depesine çykmakdan öň, taýýarlyga on gün sarp edildi. Alpinist klassifikasiýasynda Elbrusyň gerişlerine çykmak tehniki taýdan çylşyrymly däldigi sebäpli bu ýere köp syýahatçylary çekýär, emma «dag keseline» sebäp bolýan klimatiki şertler ýörite taýýarlygy talap edýär.

Doň gerişleri tabyn etmek üçin telekeçiniň köp ýyllaryň dowamynda sport bilen meşgullanmagyň netijesi bolan – örän oňat fiziki mümkinçilikleri ýardam etdi. «Elbrus dagyny hüjüm etmek, - Mele Bekmuradow gürrüň berýär, - erkiň we ruhuň güýjüni synag etmek we asylly maksatlara ýetmek üçin hiç-hili päsgelçilikleriň ýoklugyny subut etmek bilen baglanyşyklydyr».

Eger-de daglar adamy kabul etse, onda olar ony hiç-haçan goýbermeýär. Şonuň üçin telekeçi bir ýyldan Kazbek belentlige galmaga, tehniki taýdan has çylşyrymly ugry tabyn etmegi meýilleşdirýär.