Telekeçileriň dykgatyna!

2018-nji ýylda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen bilelikde indiki seminarlary geçirmeklik meýilleşdirildi:

1. Telekeçi zenanlar üçin "Liderlik hereketdedir". (Aşgabat ş., "Ýyldyz" oteli, 2018-nji ýylyň 12-13 apreli, 03-04 maýy).

2. Ýerli maslahatçylar üçin "Maslahat beriş işini dolandyrmak". (Aşgabat ş., "Ýyldyz" oteli, 2018-nji ýylyň
30 maýy-01 iýuny, 03-04 maýy).

3. Kiçi we orta telekeçiler üçin "Eksporty öňe sürmek". (Aşgabat ş., "Ýyldyz" oteli, 2018-nji ýylyň 12-14 iýuny).

4. Ýerli miwe suwlaryny/alkogolsyz içgileri öndürijiler üçin seminar/prezentasiýa. (
Aşgabat ş., "Ýyldyz" oteli, 2018-nji ýylyň iýuly).

5. Welaýatdaky telekeçiler üçin "Işewürlik hassahanasy" Taslamasy (Daşoguz, Balkan, Mary we Lebap). (Daşoguz ş., Balkanabat ş. (ýa-da Türkmenbaşy), Mary ş., Türkmenabat ş., 2018-nji ýylyň güýzi).

6. Ýerli maslahatçylar üçin "Özgerişikleri dolandyrmak". (Aşgabat ş., "Ýyldyz" oteli, 2018-nji ýylyň
sentýabr-noýabr aýlary).

Bu seminarlara gatnaşmaga gyzyklanma bildiren ýagdaýyňyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 80012 212380, 80012 212405, 80012 212406