Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Halkara zenanlar gününi belledi.

8-nji mart baýramy mynasybetli Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda dabara geçirildi.

Zähmetde we jemgyýetçilik işinde tapawutlanan işewür zenanlara sowgatlar we bahar gül çemenleri gowşuryldy.

Ajaýyp zenanlar üçin konsertiň dowamynda milli sazlar we aýdymlar ýaňlandy.

Öz kärdeşlerinden gutlaglary “Ýylyň zenany-2019” abraýly adyň eýeleri hem kabul etdiler. Her ýylda geçirilýän, adat bolan bu bäsleşigiň “Telekeçilikdäki üstünlikleri üçin” atly baýragyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – Aşgabat şäherinden Nurjahan Täçmyradowa mynasyp boldy.

“Ýokary hünär ukyby üçin” atly baýragyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň ýolbaşçysy Oguljeren Gazakowa iň nusgalyk diýlip ykrar edildi.

Her ýylda ýurdyň ähli welaýatlaryndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we partiýasynyň agzalary bu bäsleşige işjeň gatnaşýarlar we özüniň guramaçylyk, telekeçilik ukyplaryny we dürli zehinlerini görkezýärler.