Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlendi.

9-njy mart güni Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginde, soňra bolsa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahatlar geçirildi, olaryň barşynda nobatdaky ýylyň iki aýy boýunça işleriň jemi jemlendi we öňde goýlan meseleleri ýerine ýetirmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenip geçilişi ýaly, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önüminiň önümçilik göwrümi ýanwar-fewral aýlarda 15,8 göterim, oba hojalyk we azyk önümleri bolsa 3,9 göterim ýokarlandy.

Döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmaga we olaryň binýadynda telekeçilik düzüm birliklerini döretmäge, hususy ulgamyň önümçiliginiň işgärler bilen üpjünçiligine, ýeňillikli karz bermek babatynda telekeçilige kanunçylyk goldawyny bermäge, salgytlardan boşadylmaga, önümçilikligi we maldarçylygy maýa goýum taýdan ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge we ş.m. degişli meseleler maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde saklandy.

Ýygnananlar 7-nji martdaky mejlisde agzalan Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň bazar ykdysadyýeti üçin birinji derejeli menejerleri we hünärmenleri taýýarlamak boýunça instituty döretmek ugrundaky başlangyjyny goldadylar.