Ahal welaýatynda hususy maldarçylyk toplumy ulanylyşa girizildi.

28-nji fewralda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Watanly” hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy dabaraly ýagdaýda ulanylyşa berildi.

Häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana ýylda 100 tonna süýt we 50 tonna et önümlerini öndürmäge niýetlenilendir.

Iri şahly mallary saklamak üçin zootehnik kadalara laýyk gelýän ähli şertler döredilendir.

Şeýle-de telekeçiler iýmit goryny hem üpjün etdiler.