Syýahatçylyk operatorlary täze ugurlary ýola goýmak mümkinçiligini öwrenýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň agzalary bolan - “DN Tours” we “Güneşli syýahat” hususy syýahatçylyk kärhanalary gyşky görnüşli syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanşyp, Türkiýäniň şäherlerinde amala aşyrylan  info-syýahata gatnaşdylar.

Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekillerine maglumata baý, gyzykly we saglyk üçin peýdaly işjeň dynç alyş maksatnamasyna girizilen taryhy gözellikler, gyşky sport desgalary we dikeldiş zolaklary görkezildi.

Syýahatçylyk operatorlary gyşky ugurlar we şol sanda türk ugurlary, gyşky peýzažlarynyň we türk dag lyža dynç alyş zolagynyň mümkinçiliklerini degişli derejede bahalandyryp biljek türkmen syýahatçylarynyň arasynda meşhur boljakdygyna ynanýarlar.