Telekeçiler agrosenagat toplumynyň we demir-beton öndürýän zawodyň gurluşygyna başlaýarlar.

27-nji fewralda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda hususy işewürlige degişli iki sany uly desganyň, ýagny, agrosenagat toplumynyň we demir-beton öndürýän zawodyň dabaraly ýagdaýda düýbi tutuldy.

Umumy meýdany 220 gektar bolan agrosenagat toplumynyň gurluşygy “Sowuk göz” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenlerine tabşyryldy. Ýylda 360 müň tonna iri şahly we ownuk mallaryň etini öndürmäge niýetlenilen kombinat, taslama kuwwatlylygy ýylda balygyň dürli görnüşleriniň 240 tonnasyndan ybarat bolan balygy köpeltmek we gaýtadan işlemek boýunça ýapyk görnüşli hojalyk, şeýle hem, bir wagtda 38 müň tonna önümi saklamaga niýetlenilen sowadyjy ammary bolan, ýylda 15 müň tonna üzümi gaýtadan işläp çykarmaga ukyply çakyr zawody onuň düzüminde bolar.

Şeýle-de bu topluma konserwirlenen önümleri öndüriji kärhana degişli bolar, ol geljekde öz öndüren gök-önümleriniň we miweleriniň gaýtadan işlenilmegine gönükdirilendir. Onuň ýokary tehnologiýa enjamlar bilen üpjün edilmegi mürepbäniň, miwe suwlarynyň, şerbetiň, bakja önümleriniň we marinada ýatyrylan önümleriň, şeýle hem, doňdurylan ir-iýmişleriň we miweleriň birnäçe görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berer. Gök-bakja önümleriniň hil barlagy ýörite barlaghanadan geçiriler.

Toplumyň çäginde önümleri çekip gaplamak üçin niýetlenilen plastik we karton gaplarynyň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, 170 gektar meýdanda dört sany häzirkizaman  ýyladyşhanalary bina ediler. Bu ýerde ýyladyşhana we açyk meýdanlar üçin limon, gök we bakja önümleri, tohumlar we nahallar ösdürilip ýetişdiriler. Şeýle hem taslamada weterinariýa we lukmançylyk işleri üçin jaýyň, barlaghana merkeziniň, bank şahamçasynyň, dükanyň we awtoduralganyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Ahal welaýatyndaky demir-beton önümlerini öndüriji häzirkizaman zawodynyň gurluşygy “Aga gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy.

Kärhananyň taslama kuwwatlylygy ölçegi 300-1200 millimetr aralygyndaky beton turbalarynyň 500 müň metrinden ybaratdyr. Kärhanada gurnalmagy meýilleşdirilýän ýokary tehnologiki enjamlar ekologiki taýdan howpsuz tehnologiýalaryň esasynda önüm öndürmäge mümkinçilik berer.