Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri media-forum işine gatnaşdylar.

5-nji fewralda Söwda we Senagat Edarasynda halkara media-forum geçirildi. Bu forumyň esasy maksady 12-nji awgustda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk boldy.

Halkara media-forumda Türkmenistanyň Içeri Işler Ministrliginiň we beýleki Ministrlikleriň hem-de edaralaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin  habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde, TSTB-niň wekilleri hem gatnaşdy.

Foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirlen Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti hakynda wideoşekil görkezildi. Şeýle-de, forumyň guramaçylary tiz wagtda geçiriljek çäre mynasybetli taýýarlanylan täze internet-sahypasy bilen tanyşdylar.

Soňra “Hazar deňziniň energetika we transport ulgamynyň ykdysady taýdan ösüşi” barada umumy mejlis we “Hazar deňzinde syýahatçylyk we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk” barada gürrüňdeşlik geçirildi.

Foruma gatnaşyjylar Ilkinji hazar ykdysady forumynyň diňe Türkmenistan üçin däl-de, eýsem tutuş sebit üçin bolan ähmiýeti barada maglumat aldylar we şeýle-de, bu çäräniň geçirilmegi Hazar deňzinde dürli taraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň we şol sanda, telekeçilik düzüminde hem özeni boljakdygyna göz ýetirdiler.