Hususy pudak ykdysady ösüşiň durnuklylygyny görkezýär.

1-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 2018-nji ýylda alyp baran işleriniň görkezijileriniň üstünde durlup geçilip, bu görkezijiler hususy pudagyň ykdysady ösüşiň durnuklylygyny görkezýändigini tassyklaýar.

Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümçiliginiň möçberi 20.7 göterim, oba hojalyk we azyk önümçiligi 21.7 göterim ýokarlandy.

Ýurtda telekeçiligiň ösmegine döwletiň berýän goldawynyň netijesinde 2018-nji ýylda hususy kärhanalar tarapyndan eksport edilen azyk harytlarynyň möçberi 63,8 göterim, azyk önümlerinden gaýry we senagat harytlarynyň möçberi 57.1 göterim ýokarlandy.

Hususy gurluşyk kompaniýalarynyň we hyzmat ediş ulgamynyň kärhanalarynyň alyp barýan işleri ýokary görkezijilere eýedir. Geçen ýyl täze hususy önümçilik kärhanalary açylyp, iş orunlarynyň sany artdy.

Görkezijileriň özeninde takyk işler bolup, olar Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine ýene bir gezek telekeçiligiň ösüşiniň milli ykdysadyýetiň bazar ykdysadyýetini berkitmekde we ýurdumyzyň ýokarlanýan ösüşinde tutýan ornuny aýratyn belläp geçmäge ýol berdi.