Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri “FITUR-2019” sergisinde görkezildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Owadan syýahat” hususy kärhanasy ýanwar aýynyň soňky ýarymynda Madrid şäherinde (Ispaniýa) geçirilen “FITUR-2019” 39-njy halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy.

Dünýäniň 165 ýurdundan bolan kompaniýalary bir ýerde jemlän abraýly ýewropa sergisinde türkmen syýahatçylyk operatory özüniň adaty we täze syýahatçylyk ugurlaryny görkezdi.

Diwarlyklaryň biri hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurnalyp, ol “Ýüpek ýolunyň ugurlaryny” görkezýär. Bu ugurlar boýunça öwreniş häsiýetli birnäçe syýahatlar geçirilýär. Şeýle-de, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine eko turlary we syýahatlary gurnamak mümkinçilikleri hem görkezildi.

“Owadan syýahat” uzak ýyllaryň dowamynda bu iri möçberli syýahatçylyk çäresine gatnaşýar. Bu ýylda hususy syýahatçylyk kärhanasynyň tekliplerine Latyn Amerika ýurtlaryndan bolan kärdeşler tarapyndan uly gyzyklanma bildirilip, olar bilen aragatnaşyk ýola goýuldy.

Şeýle hem, ýanwar aýynda syýahatçylyk operatory Amsterdam, Utreht we Wena şäherlerinde geçirilen halkara pudaklaýyn sergilere gatnaşdy. Her ýylyň mart aýynda Berlinde we Parižde geçirilýän halkara syýahatçylyk sergilerinde Türkmenistan boýunça syýahatçylyk ugurlaryny görkezmek meýilleşdirilýär.