Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmen telekeçilerine eksport boýunça maslahat berýär.

Aşgabat şäherinde 20-22 fewralda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) hem-de Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Eksport we täjirçilik maliýeleşdirme boýunça öňdebaryjy tejribeler” barada taýýarlyk-hünär okuwy geçiriler.

Okuw kursy ýörite türkmen telekeçileri – önümçilik kärhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistandaky kiçi we orta kärhanalaryň dolandyryjylary üçin niýetlenendir. Bu kursy Britaniýanyň Täjirçilige dahylsyz “Crown Agents” kompaniýasynyň bütin dünýäde işewürlik pudagyny ösdürmekde ýardam edýän hünärmenleri alyp barar.

Taýýarlyk okuwynyň  dowamynda oňa gatnaşyjylar öz önüminiň goýumyny daşary ýurt bazarynda giňeltmek, eksport işini dolandyrmak we halkara söwda bilen bagly bolan töwekgelçiliklerden baş alyp çykmagyň ýollary barada maglumat alarlar.

Tejribeçilik interaktiw dersler, şeýle hem aýratyn maslahatlaşyk, telekeçilere eksport strategiýasyny we öz işewürlik strategiýasyna we maksadyna laýyk gelýän iş meýilnamasyny işläp düzmäge ýardam eder.

Türkmenistanda ÝTÖB tarapyndan hususy kärhanalaryň eksport  ukybyny ösdürmek boýunça taýýarlyk kurslary eýýäm birnäçe ýylyň dowamyndan bäri alnyp barylýar, ýöne bu ilkinji «Advanced» derejesindäki işewürlik ösüşiniň halkara derejesine çykjak bolýan tejribeli telekeçiler üçin niýetlenen okuw kursy bolup durýar.

Seminara gatnaşmak üçin 2019-njy ýylyň 5-nji fewralyna çenli arza formasyny doldurmaly we knowhowturkmenistan@ebrd.com. salgy arkaly ugratmaly.

Gatnaşyjylaryň sany çäklendirilen.