Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna badalga berildi.

24-nji ýanwarda Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň 24 kilometrinde ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Umumy bahasy 2 milliard 300 million ABŞ dollaryndan ybarat Aşgabat-Türkmenabat awtobany boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen Awtoban” ÝGPJ-ne ynanylyp, bu jemgyýet taslamanyň baş potratçysy bolup çykyş edýär.

Baýramçylyk dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, dürli kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, telekeçiler, ýaşulylar we gurluşykçylar gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy, hormatly iş ýaşulylary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Geljekki awtoýoluň düýbüni tutmak dabarasynda milli sazandalar we döredijilik toparlary çykyş etdiler. Dabaranyň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň sergileri gurnaldy.

Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň uzynlygy 600 kilometrden ybarat. Magistralda sekiz sany hereket zolagy – her tarapda üç sany esasy we bir sany goşmaça – bolar. Ýoluň ini 34,5 metrden ybarat bolar. Ýoluň ugrunda derýanyň üstünden 4 sany köpri, demir ýoluň üstünden 4 sany köpri, beýleki awtoýollar bilen kesişýän ýerde 22 sany köpri bina ediler. Şeýle hem, 76 sany ýerasty geçelgeler, suw ýygnaýjylary, sil akymynyň ugurlarynyň üstünden köprüler we beýleki desgalar gurlar.

Awtobandaky ýolaýrytlary turba görnüşli konfigurasiýada gurlar, olar ýokar tizlikli ýoly ilatly nokatlar bilen birikdirer. Adatdan daşary ýagdaýlar üçin goşmaça zolaklar, haýwanlaryň we adamlaryň ýola çykmaklygynyň öňüni aljak suwly ganaw we metal germewler bolar.

Magistralyň başynda we ahyrynda töleg terminallary ýerleşdiriler. Ýoluň ugrunda wideogözegçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan 10 sany tehniki hyzmat nokatlary, PÝGG-nyň nokatlary hereket eder. Magistralyň iki tarapynda dükanlar, myhmanhanalar, kafeler we beýleki degişli desgalar bina ediler. Awtobanyň ugrunda heläkçilikli ýagdaýlar üçin telefon aragatnaşyk nokatlary ýerleşdiriler. Ýol hereketi üznüksiz wideogözegçiligiň üsti bilen ýöriteleşdirilen ulgam arkaly dolandyrylar. Şeýle hem, ýol hereketine gatnaşyjylar hakyky wagtda howa barada maglumatlary alyp bilerler.

“Türkmen Awtoban” ÝGPJ-niň buýurmasy esasynda awtobanyň gurluşygyny we ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyryş işlerini “Nusaý ýollary” we “Hyzmat merkezi” hususy kärhanalary, “Oguz ýoly” we “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri ýerine ýetirerler.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda awtomobil ýoly we onuň desgalary ulanyşa doly taýýar görnüşinde tabşyrylmalydyr. Işleri üç tapgyrda alyp barmak bellenilip, soňky tapgyr 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanmalydyr.