Türkmen-özbek işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady.

23-nji ýanwarda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmen-Özbek telekeçiler birleşigini döretmek hakynda maglumat beýan edildi.

Bu düzüm 2018-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň dowamynda iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda döredilýär.

Birleşmäniň esasy maksatlarynyň hatarynda – türkmen önüm öndürijileriniň harytlarynyň özbek bazarynda mahabatlandyrylmagyna hemaýat edýän, şeýle hem, telekeçiligiň ösmegine ýardam edýän iki ýurduň işewür bileleşikleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek, bilelikdäki konferensiýalary we sergileri geçirmek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly goňşy döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň, bilelikdäki taslamalar üçin has häzirkizaman ugurlaryň kesgitlenilmeginiň we özara haryt dolanşygyny artdyrmagyň wajyplygyny belläp geçdi.