Mary welaýatynda täze ýyladyşhana hojalygy açyldy.

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Sada türkmen” HK Mary welaýatynyň Mary etrabynda häzirki zaman ýyladyşhana toplumyny ulanyşa girizdi. Ýyladyşhana 8 gektar meýdany eýeleýär we her ýylda sarp edijileri 500 tonna ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önüm bilen üpjün etmäge niýetlenilendir.

Täze ýyladyşhana hojalygy gök-önümleri öndürmek üçin amatly şertleri awtomatiki usulda saklamaga mümkinçilik berýän ýöriteleşdirilen enjam bilen enjamlaşdyrylandyr. Ähli tehnologiki prosessler kompýuterleşdirilendir.

Toplumyň aýratynlygy - onuň çäginde ýerleşdirilen bal arysy idedilýän ýerdir, ol bal arysyny gök miweleri tozanlatma üçin ulanmaga mümkinçilik berer, bu bolsa öz gezeginde hasyllylygy ýokarlandyrar, şeýle-de zähmete harajatlary peselder we ýyladyşhana önümçiliginiň girdejisiniň ýokarlanmagyny üpjün eder.