Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde täze ýyl ýarmarkalary açyldy.

17-nji dekabrda “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy”, “Bereketli” bazarly söwda merkezlerinde, şeýle hem şäheriň we welaýat merkezleriniň beýleki ýerlerinde täze ýyl ýarmarkalary açylyp, olarda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümleri hödürlenilendir.

Ýarmarkalara gatnaşyjylar azyk we gaýtadan işleýiş senagatynyň hususy kärhanalary, oba hojalyk önümlerini öndürijiler, hususy kömekçi hojalyklaryň eýeleridir. Ýarmarka meýdançalarynda süýt, şöhlat, çörek-bulka, aşpezlik we süýji önümleriniň dürli görnüşleri, ýumurtga, balyk, içgiler, miweler, gök-önümler, bal, konserwalar we ş.m. hödürlenilýär.

Täze ýyl harytlary halk senetleriniň däplerini saklaýan we ösdürýän ýerli telekeçiler tarapyndan dürli görnüşlerde we milli äheňde hödürlenilýän özboluşly sowgatlardan we sowgatlyk önümlerden ybaratdyr.