Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Müsür Arap Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

13-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ihab Ahmed Talaat Nasryň (rezidensiýasy Moskwa, Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçylygyndaky wekiliýet kabul edildi.

Dostlukly ýurduň wekilleri TSTB-niň agzalary tarapyndan alnyp barylýan işiň gurluşy we ugurlary, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky iri möçberli taslamalar, ýerli telekeçileriň eksport kuwwady bilen tanyşdyryldy.

Şunuň bilen baglylykda noýabryň soňky ýarymynda Kairde geçirilen biznes forumyň çäklerinde türkmen we müsür telekeçileriniň duşuşyklarynyň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi.

Türkmen ykdysadyýetiniň durnuklylygyny, biziň ýurdumyzda döredilen maýa goýum ýagdaýynyň özüne çekijiligini we türkmen-müsür özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny belläp geçmek bilen ilçi iki ýurduň telekeçileriniň gatnaşyklaryny giňeltmäge özüniň doly ýardam berjekdigini beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, bu gatnaşyklary söwda-ykdysady pudagynda, oba hojalyk, iýmit we dokma senagaty hem-de beýleki ugurlarda önümçiligi giňeltmäge mümkinçilikler bar.