Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Ahal welaýatynda täze jemgyýetçilik binalaryny gurdy.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap telekeçiler saglygy goraýyş pudagynyň desgalaryny we çagalar bagynyň binasyny ulanyşa berdiler.

Köpugurly hassahana Kaka etrabynyň dolandyryş merkeziniň Ýüzbaşy ýaşaýyş toplumynda “Rysgally zähmet” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edildi. Iki gatly binada döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bejeriş-maslahat beriş, anyklaýyş we çaga dogrulýan bölümler ýerleşdirilendir. Täze merkez şäheriň we ýakynda ýerleşýän obalaryň ilatyna dürli görnüşli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge ýol berer.

11-nji dekabrda Kaka etrabynda “Nusaý ýollary” HK-nyň hünärmenleri tarapyndan gaýtadan bina edilen mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň açylyş dabarasy boldy.

Çagalar bagynyň binasynda çagalaryň sazlaşykly ösmegi üçin hemme şertler döredilendir. Binanyň ýanaşyk ýerleri hem abadanlaşdyrylyp, ol ýerde gelşikli dalbarlar, hiňňildikli oýun meýdançalary bardyr.