“Guş toplumy” öndürýän önümleriniň görnüşlerini artdyrýar.

11-nji dekabrda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda belli bolan “Guş toplumy” hususy kärhanasy maldarçylyk toplumyny ulanyşa girizdi.

Agrosenagat toplumynyň täze desgasy “Aýyt” hojalyk jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň “Mürçe” daýhan birleşiginiň çäginde guruldy.

Döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan toplumyň önümçilik kuwwady ýylda 200 tonna etden ybaratdyr. Häzirki wagtda hojalykda iri şahly mallaryň 120 sanysy saklanylyp, geljekde olaryň sanyny 800 sygra ýetirmeklik meýilleşdirilýär.

Telekeçileriň uzakmöhletleýin ulanmaklary üçin olara 305 gektar ýer bölnüp berildi. Onuň 5 gektary önümçilik desgalary bolup, galan böleginde iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirilýär.