Türkmen telekeçileri ýokary hilli etiň önümçiligini güýçlendirýärler.

11-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýurdumyzda et we süýt önümlerini öndüriji hökmünde belli bolan “Ajaýyp ussat halal önümleri” HJ-niň hünärmenleri tarapyndan bina edilen maldarçylyk toplumy ulanyşa berildi.

Täze desga “mermer et” diýlip atlandyrylýan ýokary hilli sygyr etiniň önümçiligi boýunça ýöriteleşdiriler. Ilkibaşda bu ýerde ýylda 15 tonna, soňra bolsa eksporty ýola goýmak bilen 180 tonna önüm öndürmek meýilleşdirilýär.

Iri şahly mallaryň baş sany hem takmynan iki esse artar. Häzirki wagtda täze hojalykda 600-e golaý mal bar. Germaniýadan aberdin-angus tohumyndaky sygyrlar satyn alnyp, olar ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylandyr we ösdürip ýetişdirmek üçin ykdysady taýdan girdejili hasap edilýär.

Zerur bolan ot-iým binýadyny döretmek üçin telekeçilere 500 gektar ýer bölnüp berildi we bu meýdanlardan eýýäm dürli görnüşli iýmlik ekinleriniň gowy hasyly alyndy. Ekinleri suwarmak üçin suw tygşytlaýjy ulgamlar ulanylýar.