“Türkmen kaliý” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti taslama düzmek we taslama-çenlik resminamalary taýýarlamak boýunça milli manatda BÄSLEŞIK yglan edýär.

“Türkmen kaliý” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

taslama düzmek we taslama-çenlik resminamalary

 taýýarlamak boýunça milli manatda BÄSLEŞIK yglan edýär:

Lot № 1:      2х110 кW EG «Magdanly ş. – Leýlimekan obasy» (Lebap welaýaty);

Lot № 2:     2х35 кW wagtlaýyn EG «Garrykän – Leýlimekan obasy»(Lebap welaýaty);

Lot № 3:     200m3/sag agyz suw üpjünçiliginiň magistral geçirijisi «Suw bekediniň 3-nji göterijisi – Leýlimekan obasy» (Lebap welaýaty);

Lot № 4:     350m3/sag tehniki suw üpjünçiliginiň magistral suw geçirijisi «Смунтуда – Leýlimekan obasy» (Lebap welaýaty);

Lot № 5:     8000 nm3/sag  gaz geçirijisi «Bagtyýarlyk – kaliý we sement zawodlary” gaz geçirijisiniň 205-nji kilometri – Leýlimekan obasy» (Lebap welaýaty).

Bäsleşige gatnaşmak üçin, taslama düzmek we taslama-çenlik resminamalary taýýarlamak boýunça ýeterlik tejribesi bolan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zerur ygtyýarnamalary bolan ýerli we daşary ýurtly gyzyklanýan kompaniýalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlere aşakdakylar teklip edilýär:

·        gatnaşyjynyň doly adyny, guramaçylyk-hukuk görnüşini, eýeçilik görnüşini, hukuk salgysyny, salgyt koduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýändigi barada ýazmaça ýüz tutmaly;

·        “Türkmen kaliý” ÝGPJ-niň hajatlary üçin “Harytlary getirmek, işleri amala aşyrmak we hyzmatlary ýerine ýetirmek hakynda” Düzgünnama bilen tanyşmaly;

·        degişli lot boýunça, her lot üçin 1000 manat (GBS-syz) töläp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly;

·        pul serişdelerini geçirmek üçin resminama, gatnaşmak üçin ýazmaça ýüz tutulanda beriler.

Bäsleşik teklipleri Aşgabat ş.,A.Nyýazow şaýoly, jaý 174, 11-nji gat salgyda ýerleşýän “Türkmen kaliý” ÝGPJ-niň edara jaýyna berilýär we 2018-nji ýylyň noýabr  aýynyň 22-ne ýerli wagt bilen 18:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden gijä galyp berlen teklipler kabul edilmeýär we seredilmeýär.

 

Тelefon: (+993 12) 21-01-84