Halkara “Syýahatçylyk we jahankeşdelik” atly syýahatçylyk sergisi we maslahaty.

2018-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Halkara “Syýahatçylyk we jahankeşdelik” atly syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler. Forumyň guramaçysy – Türkmenistanyň syýahatçylyk barada Döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy.

Serginiň we maslahatyň maksady – syýahatçylyk işewürliginiň, maliýe, taslama we gurluşyk edaralarynyň, syýahatçylyk harytlaryny we hyzmatlaryny öndürijileriň we getirijileriniň işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin aragatnaşyk we gepleşikler meýdançasy bolar.

Daşary ýurtly syýahatçylyk kompaniýalarynyň, şeýle-de myhmanhana işewürliginde ýöriteleşýän halkara syýahatçylyk agentlikleriniň, kärhanalarynyň, işewür toparlaryň wekilleriniň, syýahatçylyk we medeni miras bilen gyzyklanýan alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Maslahat üç sany bölümden ybarat bolan mejlisler görnüşinde geçer: “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir” diýen şygarly ýylda taryhy-medeni mirasyň orny, “Syýahatçylykda bilimiň we innowasiýalaryň orny”, “Türkmenistanda ekologiýa syýahatçylygynyň esasy ugurlary”.

Forumyň çäginde daşary ýurtly we ýerli kompaniýalaryň syýahatçylyk mümkinçilikleri hödürleniler, olar özüniň gelejegi bolan taslamalary, önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň dikeldiş mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, şeýle-de Türkmenistanda halkara syýahatçylygyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Gatnaşyjylar biziň ýurdumyzyň we onuň welaýatlarynyň deňi-taýy bolmadyk syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, jahankeşdelik we myhmansöýerlik ugrunda täze akymlar we meýiller barada maglumat almaga mümkinçilik gazanarlar.