Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2018” ady bilen 23-nji halkara konferensiýasy geçiriler.

20-21-nji noýabrda türkmen paýtagtynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2018” ady bilen 23-nji halkara konferensiýasy geçiriler. Forumyň guramaçylygy “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan “Cifal Industrial Services” fransuz kompaniýasynyň hemaýat etmeginde alnyp barylýar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy 2018” halkara konferensiýasy nebit-gaz senagaty boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek üçin netijeli işewürlik platformasy hökmünde özüni tanatdy. Geçirilýän çäräniň maksady ýurduň nebit-gaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny görkezmekden, foruma gatnaşyjylara  Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna maliýe serişdelerini goýmagyň ugurlary, durmuşa geçirilen we alnyp barylýan taslamalar hakynda hemmetaraplaýyn maglumaty bermekden, milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudagynyň geljekki ösüşiniň artykmaçlyklary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Konferensiýa dünýäniň öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda: Credit Suisse, Exxon Mobil, BP, Hyundai Engineering Co. Ltd, Dragon Oil, Petronas Carigali, Schlumberger, ARETI GROUP, Shell, KPMG, ENI, Gap İnşaat Yatırım ve Dış Tic.A.Ş, ТОО «LUKOIL Lubrikants Merkezi Aziýa», Roxar, "Kazmortransflot" LLP Milli deňiz gatnaw kompaniýasy, VELAN LLC., LLC Haldor Topsoe, Valvitalia SpA, ROCKWOOL we ş.m.

Forumyň deslapky maksatnamasyna laýyklykda onuň birinji iş gününde – 20-nji noýabrda iki mejlis geçiriler:

* Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy. Esasy pudaklaýyn taslamalaryň gözden geçirilmegi. Maliýe serişdelerini goýmak we tehnologiýa ugurlary boýunça  halkara hyzmatdaşlygy;

* Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndaky nebiti we gazy gazyp almak ugry. Ýagdaýy we mümkinçilikleri. Uglewodorodlary gözläp tapmak we gazyp almak ugry boýunça innowasion tehnologiýalaryň ösüşi.

21-nji noýabrda dört mejlis geçiriler:

* Gaz we himiýa pudagynyň ileri tutulýan ugurlary we onuň ösüşi hakynda maglumatlar. Gaz we himiýa önümleriniň bazar ösüşiniň dünýä tendensiýasy;

* Nebiti we gazy gaýtadan işleýiş pudagynyň önümleriniň bazarynyň derňewi. Ýangyjyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň önümçiligi. Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda “ýaşyl ykdysadyýetiň” ösüşiniň ugurlary;

* Türkmen tebigy gazynyň bazarlarynyň diwersifikasiýasy;

* Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň alnyp barylýan gurluşygyny, Transkaspiý gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň we strategik hyzmatdaşlygyň beýleki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Şeýle hem, çäräniň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen döwlet edaralarynyň we ýurduň nebit-gaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň arasynda işewür duşuşyklar geçiriler.

Konferensiýanyň geçirilýän ýeri OGT-2018ý., Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly 143, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zaly.

Konferensiýa hakynda goşmaça maglumaty www.ogt-tm.org saýtyndan alyp bilersiňiz, şeýle hem, dubrovina.i@ogt-tm.org , info@ogt-tm.org elektron poçtasyna ýazyp bilersiňiz ýa-da +99312211623, +99363072992 belgileri boýunça habarlaşyp bilersiňiz.