Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tehnologiki innowasiýalaryny gözden geçiriş çäresine gatnaşdylar.

  31-nji ýanwardan 2-nji fewrala çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň ekspomerkezinde senagat önümçiliginiň, enjamlarynyň we häzirki zaman tehnologiýalaryň Halkara sergisi geçirildi. Söwda-senagat palatasy tarapyndan gurnalan ýörite gözden geçiriş çäresine, döwlet düzüm birlikleri we daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda hususy telekeçiligiň uly kärhanalary, şeýle hem hususy telekeçiler gatnaşdy.   

   Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak bilen dürli önümleriň önümçiliginde, şol sanda mebeli, gurluşyk materiallaryny, turbalary, polipropilenden we polietilenden önümleri, elektrik enjamlaryny, hojalyk himiýasyny, dokma önümlerini we ş.m. öndürmekde,  öz başarnyklaryny görkezdiler.

   Telekeçiler halkara forumyň meýdançasyny işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak we öz harytlaryny we hyzmatlaryny mundan beýläk öňe sürmek üçin işjeň ulandylar.