Sekizinji Merkezi Aziýa söwda forumy.

Daşkent şäheri, Özbegistan

2018-nji ýylyň 17-18-nji oktýabry

 

Merkezi Aziýa söwda forumy 70 milliondan gowrak müşderilere ýetmek üçin, Merkezi Aziýanyň ösüp barýan bazarlarynyň täze mümkinçilikleri bilen tanyşmak boýunça ýeke-täk platforma bolup durýar. Geçen ýyl foruma 18 ýurtdan 1100-den gowrak gatnaşyjy gatnaşdy. Aziýadan, ABŞ-dan, Ýewropadan we Ýakyn Gündogardan gatnaşan kärhana ýolbaşçylary, işewür adamlary, döwlet edara wekilleri hem-de ekspertler bu forumy pikir alyşmak, şertnama baglaşmak, täze hyzmatdaşlyk döretmek we gelejekde işleşmek üçin ulandylar.

Bu ýyl forum bilen bir wagtda söwda sergisi geçiriler. Söwda sergisine sebtiň ulag, syýahatçylyk, maglumat tehnologiýalary, enjamlar, miwe we bakja önümleri öndürmek we olary gaýtadan işlemek ýaly pudaklardan kärhanalar gatnaşar.

Geçiriljek ýeri: “Uzeksposentr” sergiler merkezi. Adresi: Özbegistan Respublikasy, 100084, Daşkent şäheri, Amir Temur köçesi, 107

Giňişleýin maglumat