Täze Akwapark - "Awazanyň" ýagty älemgoşary.

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň sport-dynç alyş merkeziniň üstüni iýul aýynyň 21-ne dabaraly açylan köpugurly dynç alyş merkezli “Awaza” Akwaparky ýetirdi.

Dünýädäki şeýle görnüşdäki dynç alyş merkezleriniň hatarynda ilkinji orunlaryň birine ymtylýan “Awaza akwapark”, hasabynda uly göwrümli taslamalaryň, şol sanda Hazaryň türkmen kenaryndaky taslamalaryň birnäçesi bolan “Myradym” HK-nyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

Umumy meýdany 30 gektar töweregi bolan suw-dynç alyş toplumy türkmen deňiz şypahanasynyň ýene-de bir bezegi bolup, Hazar deňziniň we Awazanyň haşam myhmanhanalarynyň golaýynda dikeldilendir. Onuň çäginde onlarça iri desgalar orun aldy. Bu ýerde gyşky we tomusky akwapark, harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýän söwda merkezi we dükanlar, supermarket, 30-a golaý kafe we restoranlar, garbanyşhanalar, 1640 orunlyk amfiteatr, şeýle-de 50 orunlyk myhmanhana ýerleşýär. Galan meýdany emeli daglar, köller, şarlawuk, dag çeşmeleri ýaly dürli infrastruktura desgalary, şeýle-de suw çüwdürimli, bagly, ýodaly, seýilgähler, gül-gunçalar bilen abadanlaşdyrylan zolak üçin niýetlenilendir. Ýigrimi gektar suw atraksionlaryna bagyşlanandyr.

Merkezi bina – 41 müň indedördül metrden gowrak ýeri eýeleýän üç gatly üsti ýapyk görnüşli akwaparkdyr. Onda tropikleriň klimaty döredilendir. Tomusda we gyşda dynç alýanlar deňiz suwunyň amatly temperaturasynda we ozonlaşdyrylan şemalda tebiga golaýlaşdyrylan şertlerde, kenarda gün şöhlesinde dynç alarlar.

Ähli pasyla degişlilikde suw attraksionlarynyň ajaýyp binasynyň içinde çylşyrymly derýalar we köller geçirilendir. Merkezinde emeli dag we şawlawuk ýerleşdirilen. Bu ýerde dürli ýaşlylar, ulylar we çagalar üçin howuzlar enjamlaşdyrylan. Şol sanda sörf howuzy, ululy-kiçili päsgelçilikli typylýan suw attraksiýony, ýaryşlary geçirip, hereketli oýunlary oýnap, çiýşirme gaýykjyklarda ýaryşlary gurnap, egrem-bugram turbalar we ternawlar boýunça suwa sypyp düşüp bolýan, ýüzülýän howuz.

Deňiziň kenaryny ýatladýan ýörite çäge bilen örtülen emeli kenar, şeýle-de kenar woleýbolyny oýnamak üçin meýdança deňiz kenaryndaky ajaýyp tomusky dynç alyş barada uly ýatlama galdyrar.

Üsti ýapylan akwaparkda häzirki zaman suw, tomaşaly, gyzykly we medeni-dynç alyş atraksionlarynyň ählisi diýlen ýaly hödürlenilýär. Bulardan başga hem binada  çagalar üçin dürli görnüşli elektron oýun meýdançasy, 7d kinoteatr,  kafedir restoranlar, milli tagamlarymyzy hödürleýän jemgyýetçilik iýmitiniň gaýry nokatlary, dynç alyş ýerleri, fin saunasy, türk hammamy, SPA-salon we rus bug otagy ýerleşdirilendir.

Tebigy-landşaft görnüşli açyk suw howdanlary we ýöriteleşdirilen suw howdanlary, beýiklikden bökmek we suw topy sporty bilen meşgullanmak üçin desgalar, emeli tolkunly howuz, uzynlygy 800 metrden gowrak bolan rafting kanaly görenleri haýran galdyrýar. Gyzykly-dynç alyş attraksionlary başdan geçirmeleri, syýahaty halaýanlar, tebigy ylymlar, geografiýa we biologiýa bilen gyzyklanýarlar üçin örän gyzykly bolar. Bir sözde aýdanymyzda, “Awaza” akwaparky öz myhmanlaryna haýran galdyryjy güýmenjeleriň toplumyny hödürleýär.

Suwda dynç alyş toplumynyň gurluşygynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň tehnologiýalaryndan we enjamlaryndan peýdalanyldy. Täsin adanyň çäginde ýerleşýän ähli howuzlar, filtleriň kömegi bilen arassalanylýar, ýörite enjamlar howuza gelýän deňiz suwyny süýjedýärler. Desganyň aragatnaşyk galereýalaryny we özbaşdak ýaşaýyş-üpjünçilik desgalarynyň böleklerini çekmek boýunça inžener-tehniki işleri ýokary derejede ýerine ýetirilendir.

“Awaza” akwaparky diňe bir dynç alyş merkezi bolman, eýsem ol medeni merkez hem bolup durýar. Dürli çäreleri geçirmek üçin Amfiteatr niýetlenilendir, ol ýerde toplumyň açylan güni baýramçylyk konserti geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan durmuşa geçirilen bu iri taslama iň täze meýilleri we öňdebaryjy gazananlaryny ýurdumyzyň iň bir gözel künjekleriniň birinde döredilen ajaýyp deňiz dynç alyş merkezi – “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda öz beýanyny tapýan dynç alyş we göwün açyş pudagynyň güýçli depginde ösýändiginiň alamaty bolup durýar.