Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdylar.

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň güni giňden bellenilýär.

Aşgabadyň taryhy merkezinde ýerleşýän seýilgähinde beýik akyldar şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we partiýasynyň wekilleri gatnaşdy.

Ýüzlerçe adamlar, suw çüwdürimleriň aýna ýaly tekiz ýüzünde galyp duran daşdan ýasalan beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeli ýerleşýän Aşgabadyň şu ajaýyp künjegine ak göwün bilen geldiler. Gül goýmak dabarasy paýtagtymyzyň açyk asmanyň astynda nesilleriň we eýýamlaryň özara baglanşygyny, müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýokary ruhy medeniýetiň dowamatyny janlandyrýan, özboluşly taryhy çeperçilik muzeýi bolan «Ylham» seýilgähinde hem bolup geçdi.

Telekeçilik, ýurduň jemgyýetçilik we medeni ýaşaýşynyň tapawutly binýady bolup durýar. Hususy işewürligiň wekilleri milli mirasyň gorap saklanmagyna we ýaýbaňlaşdyrylmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglanyşykly, haly, şaý sepleri, milli egin-eşikleri we bezeg önümleri öndürýän TSTB-niň agzalarynyň işi nusgalykdyr. Şeýle hem birleşme, taryhda üstaşyr söwdanyň merkezi bolan we Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollary ugurlarynyň ulgamyna girýän özboluşly taryhy-binagärçilik ýadygärligi bolan Şähr-Yslam gadymy şäherinde gazuw-agtaryş işleri geçirmäge türkmen alym-arheologlara ýardam berýärler. Hemaýatkär taslamalaryň arasynda – beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň saz mirasyny gorap saklamak boýunça işleri goldamak hem bar.