Türkmen telekeçileri halkara okuw seminarlaryna gatnaşýarlar.

Oba hojalyk we AST bölüminiň hünärmeni we “Ýunus daýhan” HJ-niň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Obihiro şäherine iberildi, olar 13-nji iýundan 29-njy iýuna çenli okuw seminaryna gatnaşarlar we agro-telekeçiligi ýöretmegiň we ekologiki syýahatçylyk ulgamyndaky işde öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşarlar.

18-nji iýundan 6-njy iýula çenli “Ajaýyp ussat halal önümleri” HJ-niň ýolbaşçysy we “Ak hünji” HK-nyň hünärmeni Ysraýyl döwletinde halkara okuw seminaryna gatnaşarlar, ol innowasiýa maldarçylygyna we süýt önümlerini öndürmekde täze tehnologiýalara bagyşlanylýar.

18-nji iýundan 24-nji iýun aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň kiçi we orta kärhanalaryny ösdürmek boýunça geçiriljek seminara TSTB-niň wekiliýetiniň gatnaşmagy, olaryň hünärleriniň ýokarlanmagyna, tejribe alyşmagyna itergi berer. Wekiliýetiň düzümine Birleşmeden ýigrimiden gowyrak wekil, şol sanda onuň gurluş we welaýat bölümleriniň, iri kärhanalarynyň we oba hojalyk ugry boýunça işleýän toplumlaryň, syýahatçylyk we mahabat kompaniýalarynyň we beýleki ýolbaşçylary we hünärmenleri girdiler.