Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň işewürleri göni ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýýarlar.

12-nji iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesinde söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen biziň ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onuň düzümine 29-a golaý iri kompaniýalaryň, şeýle hem telekeçilik gurluşlarynyň ýolbaşçylary we alyp baryjy hünärmenleri girdiler.

Duşuşyga TSTB-niň başlygy, bölümleriň ýolbaşçylary we hususy kärhanalarynyň wekilleri, "Rysgal" gazetiniň redaktory wekilçilik etdiler. Duşuşykda şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi we biziň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň wekili gatnaşdylar.

Myhmanlara türkmen telekeçileriniň dürli ulgamlarda gazan üstünlikleri, olar tarapyndan durmuşa geçirilýän iri döwlet taslamalary, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek ulgamynda gazanylanlar barada maglumat berildi.

Birleşmäniň soňky gazananlarynyň arasynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny özleşdirmek, ulag ulgamyny ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýanlygy bellenildi. Hususy telekeçiligiň köp kärhanalarynyň eksport ugrunda gazananlary, şol sanda oba hojalykda gazananlary bellenip geçildi.  Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini we daşary ýurtly maýa goýumçylary höweslendirmek boýunça döwlet derejesinde görülýän çärelere aýratyn üns berildi.

Öz nobatynda Gazagystanyň telekeçileri öz kompaniýalarynyň eksport mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler. Şol sanda ýylylyk izolýasiýa materiallarynyň, elektro we telekommunikasiýa enjamlarynyň dürli görnüşleriniň akkumulýator batareýalarynyň, mineral dökünleriň, mebeliň we lak boýag önümleriniň öndürilmegindäki mümkinçilikleri barada hem aýdylyp geçildi. Awtomobil senagatynda we azyk ulgamynda, hususan hem oba hojalyk önümleriniň – bugdaý ununyň, unaş önümleriniň we konditer önümleriniň we ş.m. gaýtadan işlenilmeginde we ýerlenilmeginde, şeýle hem dermançylyk ugrunda we lukmançylyk niýetli önümleriň öndürilmeginde hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada teklipler bellenildi. Öz kärhanalarynyň çykyş görkezmelerini geçirip, myhmanlar türkmen telekeçileri bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna taýýarlygy barada aýtdylar.

Özara gatnaşyklaryň gelejekki taslamalarynyň we ugurlarynyň has anyk ara alyp maslahatlaşylmasy gazagystanly wekilýetiň agzalarynyň, TSTB-niň ýolbaşçylary we bölümleriniň hünärmenleriniň iki taraplaýyn duşuşyklarynyň dowamynda bolup geçdi.