Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň ýylyň bäş aýynyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlendi.

Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesi boýunça senagat harytlaryny öndürmegiň göwrümi ýylyň başyndan bäri 20,6 göterim köpeldi, oba hojalyk we azyk önümleriniň göwrümi – 64,6 göterim köpeldi. Söwda haryt dolanşygynyň köpelmesi 3,3 göterim, hyzmatlar ulgamynda 1,9 göterime deň boldy.

Bu görkezijiler barada, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň işiniň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisde we 11-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň mejlisinde aýdyldy.

TSTB-niň başlygynyň çykyşynda şu ýylyň başyndan bäri, özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň işleriniň jemleri seljerildi, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýollary bellenildi. Hususan hem, oba hojalyk we senagat ugurly importyň ornuny tutýan önümçilikleriň gelejekki ösüşi boýunça, ýurdumyzyň telekeçileriniň eksport ukyplylygyny artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine seredildi.

Ýurdumyzyň bazaryny dürli görnüşli we  bahasy boýunça elýeterli azyk önümleri bilen doldurmak boýunça hususy oba hojalyk ulgamynyň mümkinçilikleri barada maglumatlary, senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalyk we AST bölüminiň ýolbaşçysy berdi. Ol öz çykyşynda häzirki zaman ýyladyşhana we bagçylyk hojalyklaryny, guşçulyk fermalaryny we maldarçylyk toplumlaryny döretmek boýunça görkezijileri belläp geçdi, eksporty ösdürmegiň ugrunda olaryň ukyplylygyny belledi.

Haryt dolanşygyny köpeltmek, şeýle hem içerki bazarda nyrhlaryň durnuklylygyny saklamak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Birleşmäniň ähli bölümçeleriniň, şeýle hem hususy telekeçiligiň dürli ulgamlarynyň wekilleriniň giňişleýin gatnaşmagynda TSTB-de hem şeýle mejlis geçirildi.