Hazar deňziniň çäklerinde türkmen we rus ulag kompaniýalarynyň özara gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda RF-nyň ulag boýunça ministriniň orunbasary – Deňiz we derýa ulaglar Federal agentliginiň ýolbaşçysy W.Olerskiý bilen Türkmen logistika assosiasiýasynyň başlygy M.Bekmuradowyň arasynda duşuşyk bolup geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň portlarynyň üsti bilen ýükleri daşamalaryň göwrümlerini artdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Hazar deňziniň çäklerinde türkmen we rus ulag kompaniýalaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiniň we «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelge boýunça köpugurly daşamalary amala aşyrmak boýunça gelejegi bolan taslamalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.