Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Dagystanda iş duşuşyklaryny geçirdiler.

30-31-nji maýda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Respublikasynyň paýtagt şäherine geldi, bu ýerde olar Hökümet başlygynyň orunbasary R.Aliýew tarapyndan kabul edildi, şeýe hem döwlet we hususy düzümleriň ýolbaşçylary bilen birnäçe dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen iş duşuşyklaryny geçirdi.

Türkmen wekiliýetiň düzümine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň azgalary – «Beýik Ýüpek Ýoly», «Ýük Ulag Merkezi», «Sowuk göz», «Galaly göz», «Garadaşly gurluşyk», «Türkmen logistika assosiasiýasy» hususy kärhanalary we «Hazar balyk» AGPJ wekilleri girdi.

Dagystan Respublikasynyň Ulag we ýol hojalyk ministrligindäki maslahatyň dowamynda Mahaçkala we Türkmenbaşy portlaryň arasyndaky parom gatnawlary dikeltmek baradaky meselelere seredildi. Şeýle hem taraplar Hazar deňziniň çäklerinde rus we türkmen ulag-logistiki kompaniýalaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar, Türkmenbaşy-Mahaçkala ulag çatrygynyň döredilmegi iki ýurduň hem ykdysadyýetiniň, syýahatçylygyň we ulag hyzmatlaryň ösüşine itergi berjekdigini biragyzdan ylalaşdylar.

Dagystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde Oba hojalyk we azyk ministrliginiň, Tebigat ministrliginiň, Telekeçilik we maýa goýumlar agentliginiň, Oba hojalyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň, balyk pudagynyň wekilleriniň, DR Ykdysadyýet ösüş ministrliginiň işgärleriniň gatnaşmagynda Oba hojalyk we Senagat pudagynda däneçilik we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da olara şular degişli bolup durýar, balyk pudagynda, oba hojalyk çig malyň we gök-önümleriň, gurluşyk materiallaryň we nebithimiýa senagatynyň önümleriniň getirmeleri, şeýle hem logistiki mümkinçilikler.

Türkmen telekeçileriň DR Hökümet başlygynyň birinji orunbasary R. Aliýew bilen bolan duşuşygynda hyzmatdaşlyk boýunça teklipleri işläp taýýarlamak üçin iş toparyň döredilmegi baradaky ylalaşyk gazanyldy.

Türkmen wekiliýeti Dagystan Respublikasynda bolan wagtynda «Mahaçkala deňiz söwda port» PJ baryp gördi, ol ýerde ýükleriň dürli görnüşleriniň geçirip ýüklenmeginiň mümkinçilikleri bilen, Türkmenbaşy port bilen parom gatnawlaryň gurnalyşyny, şeýle hem Mahaçkalanyň deňiz portynyň balyk terminaly, gök-önümleriň we miweleriň önümçiligi boýunça hojalygy, «Ýantarnoýe» DFH balyk pudagynyň kärhanasy bilen tanyşdy.