Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň administratiw – söwda toplumy açyldy

14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öz serişdeleri esasynda guran ofis we söwda maksatly uly toplumynyň ulanyşa berilmegi üçin dabaraly açylyşy boldy. Iş kwartaly, 96 sany binadan ybarat bolup, Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän G.Kulyýew köçesiniň iki tarapynda gurlandyr. Gurluşyk desgasynyň 69 gektar ululygyndaky ýer uçastogy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine döwletiň ýolbaşçylarynyň inisiatiwalaryna laýyklykda berildi. TSTB-niň bu taslama jemi 1 milliard manat inwestirledi. Uly hususy kärhana we şereketleriň ýerleşen täze üç gatly işewürlik merkezleri, şol sanda hem söwda  meýdançalary, ýeke-täk keşpde saklanyp, öz döwrebap meýilnamasy bilen tapawutlanýar we abzallaşdyryş boýunça halkara standartlara doly ýagdaýda laýyk gelýär. TSTB-niň agzalarynyň täze toplumyny açmaklyk bilen, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şuny aýtdy, ýagny hökümet ýurt özgerişi üçin hususy pudakda ykdysadyýetiň uly çeşmesini görýär we gelejekde hem ýerli telekeçileriň iş, hojalyk inisiatiwalaryny stimulirlär.