Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Slowakiýa Respublikasynyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16-njy maýda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Türkmenistandaky Slowakiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Ýan Bori bilen duşuşyk bolup geçdi.

TSTB-niň başlygy dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini türkmen hususy işewürligiň ösüşiniň ugurlary bilen tanyşdyrdy, ýerli telekeçiligiň döwlet goldawy barada gürrüň berdi. Şunda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça görýän çäreleri, türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiligini ösdürmäge, şeýle hem bilelikdäki kärhanalaryň işlerini gurnamaga ýardam edýär. Şu jähtden, TSTB-niň daşary ýurtlardaky wekillikleriniň we söwda öýleriniň işleriniň netijeliligi bellenilýär.

Gürrüňdeşligiň dowamynda diplomat TSTB-niň agzalarynyň dürli pudaklardaky üstünlikleri barada, şeýle hem işläp taýýarlama tapgyryndaky gelejegi bolan maýa goýum taslamalar barada habarly edildi.

Aýdylan maglumatlara uly gyzyklanma görkezip, Türkmenistanda telekeçilik derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna iň amatly şertleriň barlygyny belläp, ilçi öz tarapyndan iki ýurduň telekeçileriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge bütinleý ýardam berjekdigini ynandyrdy. Bellenilşi ýaly, şu gatnaşyklary giňeltmek üçin söwda-ykdysady, oba hojalyk, azyk senagaty, beýleki pudaklarda gowy mümkinçilikler bar.

Duşuşyk tamamlananda oňa gatnaşyjylar türkmen we slowak hususy işewürligiň wekilleriniň özara bähbitli gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek babatynda goldaw berjekdiklerini ýene bir gezek tassykladylar.