Hususy gurluşyk kärhanalary birnäçe durmuş maksatly desgalaryň durkuny täzelediler.

15-nji maýda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda TSTB-niň agzalarynyň haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna telekeçiler tarapyndan durky täzelenen durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň dabaraly açylyşy bolup geçdi.

Duşak we Kaka şäherleriniň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň we üç sany çagalar baglarynyň binalary düýbünden täzelendi. Döwrebaplaşan, mekdebe çenli we umumy orta bilim berýän edaralarda ýylylyk ulgamy, energiýa üpjünçilik ulgamy, binalaryň üçegi, aýnalary we pollar dolylygyna täzelendi, ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy. Döwrüň talaplaryna laýyklykda ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin bu ýerde ähli şertler döredildi.

TSTB-niň agzalary durky täzelenen desgalaryň işe girizilmegini Konstitusiýa we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň Güni baýramçylygyna gabatlaşdyrdylar.