Saud Arabystan Patyşalygynyň hususy işewürliginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

15-nji maýda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Iad Noueyhed - «Hatkon» kompaniýanyň ýolbaşçysy kabul edildi. («Hajjan Trading And Industrial Services Co. Ltd»)

TSTB-niň başlygy Saud Arabystanly işewüre, häzirki döwürde Türkmenistanyň Jemi Içerki Önümdäki gatanjy 63.1 göterimden ybarat bolan biziň ýurdumyzyň hususy telekeçiliginiň ösüşi, bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem myhmana dürli pudaklarda iri taslamalary amala aşyrýan TSTB-niň agzalarynyň üstünlikleri barada jikme-jik maglumatlar berildi. Maýa goýum taslamalar, şeýle hem daşary ýurt maýadarlar üçin döredilen şertler aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda «Hatkon» kompaniýa bilen söwda, gurluşyk, oba hojalyk we senagat toplumy pudaklarynda dostlukly ýurduň işewür-toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilşi ýaly, häzirki wagt TSTB-niň agzalary Saud Arabystana konditer önümlerini eksport edýärler we beýleki azyk önümleri, şol sanda et, gök-önümler we bakja önümlerini hem eksport etmäge taýýardyr.

Maýa goýum taslamalary bilelikde ýerine ýetirmek barada TSTB-iň teklipleri uly gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen baglanyşykly Iad Noueyhed olaryň birnäçesini jikme-jik öwrenmäge isleg bildirdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar, iki döwletiň hususy işewürligiň wekillerinde dürli pudaklarda bilelikdäki iş üçin uly mümkinçilikleriniň barlygy barada biragyzdan ylalaşdylar.