«Weli Gurluşyk» HK Aşgabatda awtomekdepleriň bileleşigini we okuw-türgenleşik merkezini gurar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda «Weli Gurluşyk» hususy kärhana şu aýda Aşgabat şäherinde okuw-türgenleşik merkeziniň, awtoulag kärhanalaryň toplumyny we awtomekdepleriň birleşmesiniň gurluşygyna başlaýar.

Desgalaryň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy Awtomobil ulaglar ministrliginiň buýurmasy boýunça amala aşyrylýar. Olaryň hemmesi häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylar.  «Weli Gurluşyk» HK binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrar. Ähli işlere iki ýyl berilýär.